Biziň çözgütlerimiz

Döwlet edaralary, kritiki infrastruktura, ulag, senagat we täjirçilik pudaklary üçin howpsuzlyk, aragatnaşyk we IT infrastrukturasy boýunça çözgütleri taslamalaşdyrýarys, integrasiýa edýäris we durmuşa geçirýäris. Inženerçilik tejribämizi ygtybarly tehnologiýalar bilen utgaşdyryp, uzak möhletli we durnukly işlemek üçin niýetlenen howpsuz hem-de ygtybarly ulgamlary hödürleýäris.

IP esasly wideo gözegçilik, emeli aň (AI) esasly analitika, termal şekillendiriş, merkezleşdirilen gözegçilik ulgamlary.

Şahsyýeti biometrik maglumaty arkaly anyklamak, giriş-çykyşlary hasaba almak we maglumatlary dolandyrmak, toplumlaýyn giriş gözegçilik ulgamlaryny ornaşdyrmak.

TETRA we sanly radio aragatnaşyk ulgamlary, dispetçer ulgamlary, IP ulgamyna birikdirilen aragatnaşyk, GPS arkaly ulaglaryň aragatnaşygy we uzak aralyga niýetlenen simsiz aragatnaşyk infrastrukturasy.

Ulaglary we ýükleri barlamak, rentgen-telewizion (X-ray) gözegçilik ulgamlary, metal serişdelerini ýüze çykarmak, adamlary barlamak we howply zatlary ýüze çykarmak üçin tehnologiýalar.

Korporatiw aragatnaşyk torlary (network), simsiz torlar, serwer ulgamlary, tor gorag tehnologiýalary we durnukly IT infrastrukturasy

Durnukly we ygtybarly aragatnaşyk infrastrukturasy üçin fiber optiki we mis kabel ulgamlary.

Üznüksiz elektrik üpjünçilik ulgamlary, ätiýaçlyk batareýa çözgütleri we möhüm ulgamlary elektrik üpjünçiligindäki näsazlyklardan goraýan tehnologiýalar.

Merkezleşdirilen gözegçilik platformalary, wideo diwarlary, operatorlaryň iş ýerleri we toplumlaýyn howpsuzlyk dolandyryş ulgamlary.