Howpsuz, özarabaglanyşykly
we ygtybarly gurşawlary
döredýäris
Biz edara-kärhanalary üçin adamlaryň howpsuzlygyny üpjün etmäge, emläklerini goramaga we
iş amallarynyň üznüksiz dowam etmegine ýardam berýän döwrebap tehnologiýa çözgütlerini işläp
düzýäris we integrasiýa edýäris.
Ulanmaga doly taýýar çözgütler
Inženerçilik, satyn almak we üpjünçilikden başlap, gurnamak, işe girizmek we tehniki goldaw hyzmatlarynyň doly toplumyny üpjün edýäris.
Möhüm pudaklarda ynamdar hyzmatdaş
Ýurdumyzyň döwlet edara-kärhanalary, möhüm infrastruktura operatorlary, täjirçilik kärhanalary we halkara potratçylary bilen hyzmatdaşlyk edýäris.
Biziň çözgütlerimiz
Wideo gözegçilik we analitika
IP esasly wideo gözegçilik, emeli aň (AI) esasly analitika, termal şekillendiriş, merkezleşdirilen gözegçilik ulgamlary.
Girişe gözegçilik ulgamy
Şahsyýeti biometrik maglumaty arkaly anyklamak, giriş-çykyşlary hasaba almak we maglumatlary dolandyrmak, toplumlaýyn giriş gözegçilik ulgamlaryny ornaşdyrmak.
Radioaragatnaşyk ulgamlary
TETRA we sanly radio aragatnaşyk ulgamlary, dispetçer ulgamlary, IP ulgamyna birikdirilen aragatnaşyk, GPS arkaly ulaglaryň aragatnaşygy we uzak aralyga niýetlenen simsiz aragatnaşyk infrastrukturasy.
Howpsuzlyk barlagy we gözegçilik ulgamlary
Ulaglary we ýükleri barlamak, rentgen-telewizion (X-ray) gözegçilik ulgamlary, metal serişdelerini ýüze çykarmak, adamlary barlamak we howply zatlary ýüze çykarmak üçin tehnologiýalar.
Tor, Serwer Infrastrukturasy we Maglumatlary Işläp Taýýarlaýyş Merkezleri
Korporatiw aragatnaşyk torlary (network), simsiz torlar, serwer ulgamlary, tor gorag tehnologiýalary we durnukly IT infrastrukturasy
Kabel ulgamlary
Durnukly we ygtybarly aragatnaşyk infrastrukturasy üçin fiber optiki we mis kabel ulgamlary.
Üznüksiz elektrik üpjünçiligi (UPS)
Üznüksiz elektrik üpjünçilik ulgamlary, ätiýaçlyk batareýa çözgütleri we möhüm ulgamlary elektrik üpjünçiligindäki näsazlyklardan goraýan tehnologiýalar.
Toplumlaýyn dolandyryş we gözegçilik merkezleri
Merkezleşdirilen gözegçilik platformalary, wideo diwarlary, operatorlaryň iş ýerleri we toplumlaýyn howpsuzlyk dolandyryş ulgamlary.
Taslamalary ulanmaga doly taýýar görnüşde ýerine ýetirmegiň tapgyrlary
1. Talaplary öwrenmek we çözgüdi taýýarlamak
2. Inženerçilik we taslamalaşdyrmak
3. Enjamlary satyn almak we üpjünçilik
4. Gurnamak we ulgamlary birleşdirmek
5. Synagdan geçirmek, sazlama we işe girizmek
6. Hünärmenleri taýýarlamak we ulgamy tabşyrmak
7. Tehniki goldaw we hyzmat
Biziň amala aşyran çözgütlerimiz
Balkanabat Halkara howa menzili
Howa menziliniň howpsuzlyk işlerini güýçlendirmek maksady bilen döwrebap rentgen-telewizion gözegçilik ulgamlaryny üpjün edildi we işe girizildi.

Garagum myhmanhanasy
Myhmanhananyň wideo gözegçilik ulgamyna tehniki taýdan hyzmat edildi.

«Türkmenaragatnaşyk» agentligi
Durnukly we ygtybarly aragatnaşygy üpjün etmek üçin professional radio aragatnaşyk enjamlary bilen üpjün edildi.

«Buig» kompaniýasy
Wideogözegçilik, aragatnaşyk we radio aragatnaşyk ulgamlaryny öz içine alýan toplumlaýyn çözgüt amala aşyryldy.

GAP İnşaat kompaniýasy
Motorola radio aragatnaşyk ulgamlary üpjün edildi, gurnaldy we işe girizildi.

Tehnologiýa hyzmatdaşlarymyz
























































