2017-nji ýylda döredilen «Durnukly Hyzmat» hojalyk jemgyýeti möhüm ähmiýetli howpsuzlyk we maglumat tehnologiýa ulgamlaryny taslamak, ornaşdyrmak hem-de olaryň ygtybarly we bökdençsiz işlemegini üpjün etmek boýunça ýöriteleşdirilen ulgam integratorydyr.

Kompaniýamyz adynyň manysyna eýerip, on ýyla golaý wagt bäri çylşyrymly tehniki talaplary bolan taslamalary amaly taýdan netijeli we bökdençsiz durmuşa geçirmek arkaly müşderilerine toplumlaýyn çözgütleri hödürläp gelýär.

Biz inženerlerimiziň hünär derejelerini yzygiderli ýokarlandyrmaga we olaryň halkara derejede ykrar edilen şahadatnamalary almagyna aýratyn ähmiýet berýäris. Bu bolsa tehniki başarnyklarymyzyň howpsuzlyk ulgamyndaky iň täze halkara ülňülerine we innowasiýalaryna laýyk gelmegini üpjün edýär.

Biz müşderilerimizi diňe bir döwrebap tehnologik enjamlary bilen üpjün etmek bilen çäklenmän, olaryň ygtybarly, durnukly we netijeli işlemegini ýola goýmak üçin inženerçilik çözgütlerini hödürleýäris.

Işiň esasy ugry: Ulgamlaryň toplumlaýyn integrasiýasy

Taslamalaryň ýerine ýetirilişi: Ulanmaga doly taýýar görnüşde işi tabşyrmak

Hil standarty: ISO 9001 sertifikatyna eýe

Döredilen senesi
2017 ý
Ýerine ýetirilen işler
60+

Buýrujylarymyz näme üçin bizi saýlaýarlar?

Ýokary hilli iş

Ulgamlaryň iň ýokary derejede ygtybarlylygyny, howpsuzlygyny we netijeliligini üpjün etmek maksady bilen halkara hil hem-de howpsuzlyk ülňülerine berk eýerýäris.

Jogapkärçilik

Biz tehniki ulgamlaryň taslanylmagyndan başlap, olaryň ulanylyşynyň ähli tapgyrlaryna çenli doly dolandyrylyşyny üpjün edýäris. Bu bolsa häzirki wagtda ornaşdyrylýan ulgamlaryň geljekde hem ygtybarly we durnukly işlemegini üpjün edýär.

Ynamdar hyzmatdaşlyk

Biz müşderilerimiz we tehnologiýa hyzmatdaşlarymyz bilen hyzmatdaşlyga, özara ynama we umumy jogapkärçilige esaslanýan uzak möhletli gatnaşyklary ýola goýýarys. Uzak möhletli ygtybarly, halkara derejesinde ykrar edilen çözgütleri hödürleýäris.

Yzygiderli ösüş

Biz innowasiýalary we pudagyň öňdebaryjy tejribelerini ulanmak arkaly hünär tejribämizi, iş proseslerimizi we mümkinçiliklerimizi yzygiderli kämilleşdirýäris. Bu bolsa iş netijeliligini ýokarlandyrmaga we geljegiň talaplaryna laýyk çözgütleri hödürlemäge mümkinçilik berýär.

BIZIŇ GARAÝŞYMYZ

Kämil inženerçilik iş ýörelgeleri bilen ygtybarly, durnukly we geljegi nazarlaýan çözgütleri hödürlemek hem-de ulgamlaryň integrasiýasy pudagynda standartlary kesgitleýän kompaniýa hökmünde ykrar edilmek.

BAŞ MAKSADYMYZ

Howpsuzlyk, aragatnaşyk we maglumat tehnologiýalary ulgamynda ynam, ýokary hilli enjamlar hem-de uzak möhletli durnuklylyk ýörelgelerine esaslanýan ýörite tehniki çözgütleri hödürlemek arkaly müşderilerimiziň mümkinçiliklerini giňeltmek.

Hil we sertifikatlaşdyryş

«Durnukly Hyzmat» hojalyk jemgyýeti taslamalaryň ýerine ýetirilişiniň ähli tapgyrlarynda hil, howpsuzlyk we degişli kadalaşdyryjy talaplaryň berjaý edilmegine aýratyn ähmiýet berýär. Dolandyryş ulgamymyz halkara derejesinde ykrar edilen ülňülere, zähmeti goramak, howpsuzlyk we daşky gurşawy goramak (HSE) ýörelgelerine esaslanýar. Bu çemeleşme işleriň durnukly hilini, ýokary derejede ýerine ýetirilmegini we müşderileriň kanagatlanmagyny üpjün etmäge gönükdirilendir.

ISO 9001 sertifikatyna eýe bolan kompaniýa hökmünde, biz işleriň hilini, yzygiderliligini we taslamalaryň ygtybarly ýerine ýetirilmegini üpjün edýän ulgamlaýyn iş proseslerini ulanýarys.

Durnukly Hyzmat kompaniýasynyň ISO 9001 hil menejmenti ulgamynyň sertifikaty