Hil-syyasaty
The essence of interior design will always be about people and how they live. It is about the realities of what makes for an attractive, civilized.
- Home
- Hil-syyasaty
HIL SYÝASATY
“DURNUKLY HYZMAT” Hojalyk jemgyýeti informasion ulgamlaryny we howpsuzlyk ulgamlaryny işläp düzmekde, meyilleşdirmekde, işe goýmaklykda we olary alyp barmakda kämilleşmek işlerini alyp barýar.
Hojalyk jemgyýetiniň öňünde goýýan maksady: Biz müşderilerimize, olaryň isleglerine jogap berýän, hiline ynamymyz bolan aýry-aýry böleklerden (elementlerden) düzülýän howpsuzlyk, aragatnaşyk, informasion tehnologiki ulgamlary ýaly pudakda ulanylýan tehniki çözgütleri hödürlemekden ybarat.
Hojalyk jemgyýetiniň işi esasan müşderileriň talabyny ýokary derejede ýerine ýetirmeklige hem-de pudakda bar bolan ýerli we halkara standartlaryna laýyk gelýän talaplara gönükdirilendir.
Hojalyk jemgyýetiniň işiniň esasynda duran esasy gymmatlaklary, biziň işlerimiziň hiliniň we müşderilere işi ýerine ýetirenimizde we işi gutaranymyzdan soňra galjak peýdasynyň bolmagy üçin, jogap berýän talaplaryň çözgütlerini durmuşa geçirmekde, ugurtapyjylygy bilen tapawutlanýan we mydama hünär tejribesini ýokarlandyrýan, işjeň kämilleşýän hünärmenler toparydyr.
Biziň Hojalyk jemgyýetimiziň abraýy – işlerimizden hoşal bolýan we ýene-de gaýdyp gelýän müşderilerdir.
Yzygiderli ösüş taglymatynyň çäklerinde, “DURNUKLY HYZMAT” Hojalyk jemgyýeti ISO 9001:2015 standartynyň talaplaryna laýyk gelýän hil dolandyryş ulgamyny (СМК) işe goýmaklygy we ony işjeň ýagdaýda saklamaklygy üpjün etmeklige karar berdi. Berlen karara laýyklykda, Hojalyk jemgyýetiniň ýolbaşçylygy şu borçnamalary öz üstüne alýar:
Öz işiniň ähli kanun çykaryjy we kadalaşdyryjy ulgamlaryň talaplaryna, ähli gyzyklanýan taraplaryň talaplaryna laýyklygyny üpjün etmegi;
Hil sebitinde maksatlary goýmak we bu maksatlara ýetmek üçin öňde goyulan meýilnamalary ýerine ýetirmäge gerekli çeşmeler bilen üpjün etmegi;
Öz işini maksatly garaýyş-töwekgelçilikli binýady esasynda durmuşa geçirmekligi;
Işde ýüze çykýan dürli ýagdaýlarda derrew jogap bermäge mümkinçilik döredýän içerki düzgünleriniň tertibiniň ulgamyny girizmekligi. Bu düzgünleriň laýyklygyny we netijeliligini derňäp durmak, hemişe ulgamy özgertmekligi;
Umuman alanyňda Hojalyk jemgyýetiniň işiniň hilini gowulamak we onuň mümkinçilikleriniň has hem giňelmegi we onuň işinde täze ulgamlaryň peýda bolmagy bilen işgärleriň ukyp başarnyklaryna baha bermekligi, döwürleýin (yzygiderli) esasda hünär başarnyklylygy ýokarlandyrmagy yola goýmaklygy öz içine alýan işgärleri dolandyrmagyň ulgamyny durmuşa geçirmekligi;
Ýerine ýetirilýän hyzmatlaryň hil ulgamynda işgärleriň bilimini artdyrmaklygy.
Hojalyk jemgyýetiniň ýolbaşçylygy şu Syýasaty öz işgärlerine ýetirmekligi şeýle hem Hojalyk jemgyýetiniň işgärleriniň ony durmuşa geçirmekde işjeň gatnaşmaklary üçin, gerekli şertleri döretmekligi öz üstüne alýar.